Türkmenistan we Abu-Dabi iri maýa goýum ylalaşyklaryny baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Abu-Dabi iri maýa goýum ylalaşyklaryny baglaşdylar
Gaznanyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarow Ähtnamalara gol çekdiler. (Surat: ADÖG)

Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) we Türkmenistanyň Hökümeti çarşenbe güni iki ýurduň möhüm pudaklaryna maýa goýumlary üçin üç sany özara düşünişmek ähtnamalaryna gol çekdiler.

ADÖG-niň çarşenbe güni metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, Abu Dabide gaznanyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarow Ähtnamalara gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew, BAE-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Alhameli, Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Serdarmammet Garajaýew we iki tarapyň birnäçe resmileri gatnaşdylar.

“Özara düşünişmek Ähtnamalary ADÖG-niň Türkmenistan Hökümeti bilen maýa goýumlaryny we ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek islegini görkezýär” diýip, Al Suwaýdi aýtdy. “Ähtnamalar BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ösüşini görkezýär” diýip, ADÖG-niň Baş direktory belledi.

Birinji resminamada Türkmenistanda 370 million dirhama (100 million ABŞ dollaryna) barabar bolan bilelikdäki maýa goýum kompaniýasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Başlangyç tapgyrda ADÖG we Türkmenistan energiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk we senagat ýaly pudaklara 58,7 million dirhama (16 million ABŞ dollaryna) barabar boljak maýa goýum goýarlar. Bu mukdar iki tarapyň arasynda deň paýlanar. Ylalaşyga laýyklykda, türkmen Hökümeti ADÖG-e maliýeleşdirmek üçin taslama tekliplerini hödürlär we gaznanyň ýerine ýetirilişine baha bermek esasynda bolsa karar kabul ediler.

Ikinji resminamada Türkmenistanda poliwinil asetat öndürmek üçin 642,7 million dirhama (175 million ABŞ dollaryna) barabar boljak himiýa senagaty toplumyny döretmek taslamasynyň maýa goýum mümkinçiliginiň öwrenilmegi göz öňünde tutulýar.

Üçünji resminamada gaýtadan dikeldilýän energiýa we howa transporty ýaly dürli pudaklarda infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda 1999-njy ýylda işine başlan ADÖG umumy bahasy 182 million dirhama barabar bolan Arçman şypahanasynyň durkunyň täzelenmegini we Aşgabatda ýörite hassahananyň gurluşygyny maliýeleşdirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022