Türkmenistan we ESKATO hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ESKATO hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
ESKATO-nyň baş edara binasy. Bangkok şäheri, Tailand. (Surat: IISD)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistanyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler.

Gepleşikde Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şunlukda Merkezi Aziýa we ýanaşyk sebitleriň ýurtlarynda durmuş-ykdysady we ekologiki ugurly meseleleriň çözgüdinde türkmen tarapynyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça başlangyçlarynyň toplumy beýan edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşlikde Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamany (MGŞ) nazara almak bilen bilelikdäki hereketler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar döwlet ekologiýa we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy bilen bagly meselelerine aýratyn üns berip, Aral meselesini belläp geçdiler.

Gepleşigiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da, ESKATO platformasynda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyndaky tejribeleriň ornaşdyrylmagy arkaly statistika we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

2022