“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň ýolagçy we ýük terminallarynda, ýerli howa gatnawlary boýunça ýükleri ugratmak we kabul etmek hyzmaty 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndan ýola goýuldy.
Türkmenabat halkara howa menziliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, ýolagçy terminalynda ýerli howa gatnawlary boýunça agramy 5 kilogramdan ýokary bolmadyk adaty ýükleri ugratmak mümkinçiligi bar. Bukjalaryň görnüşleriniň ululygyna görä ýükleriň ugradylmagynyň bahasy 37 manatdan 63 manada barabardyr.
Howa arkaly ugradylmaga kabul edilýän ýüklere harytlar, resminamalar, çaphana neşirleri we kitaplar degişli bolup durýar.
Ýolagçy terminalyndan ugradylmagy gadagan edilýän serişdelere ot açýan we partlaýjy serişdeler, dürli görnüşli ýaraglar, elektroşok gurnamalary, narkotiki we psihotrop maddalar, zäherli ösümlikler, milli pul serişdeleri we daşary ýurt walýutasy, tiz zaýalanýan iýmit önümleri, işgärlere we ýükçilere howp döredip biljek ýükler, zergärçilik önümleri, janly haýwanlar we beýlekiler girýär.
şäherinde sagatda 500 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen halkara howa menzili 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizildi.