Daşoguzdaky ýyladyşhana toplumynda her ýyl müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzdaky ýyladyşhana toplumynda her ýyl müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirilýär
Ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän golland sortly pomidorlar uzak wagt saklanylýandygy, gabygynyň gatylygy sebäpli uzak durýanlygy bilen tapawutlanýar.

“Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň düzüminde iki ýyladyşhana bolup, onuň hersiniň tutýan meýdany bäş gektara barabardyr. Olarda ýylda bir müň tonnadan gowrak tagamly pomidor ýetişdirilýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti anna güni habar berdi.

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän ýyladyşhanalar Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň  awtomatik usulda witaminlik önüm ýetişdirmek üçin zerur şertleri döredýän ýöriteleşdirilen tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Enjam ýylylyk we ýagtylyk, çyglylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini hem-de topragy iýmitlendirmek işini üpjün edýär. Kompýuter programmasy ähli tehnologik işe gözegçilik edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän golland sortly pomidorlar hasyllylygyndan we kesellere durnuklylygyndan başga-da, gabygynyň gatylygy sebäpli köp wagt durýanlygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa önümi uzak aralyklara äkitmäge mümkinçilik berýär.

“Altyn gala gurluşyk” kärhanasy Daşoguz welaýatynda hususy düzümleriň arasynda ilkinjileriň biri bolup öz öndürýän önümlerini daşary bazarlara ugradyp başlady. Kärhana uzak möhletleýin onlarça gektar meýdan bölünip berildi, şol ýerlerde täze ýyladyşhanalary tapgyrlaýyn gurmak göz öňünde tutulýar.

2022