Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 39,6% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 39,6% ýokarlandy
2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 39,6% ýokarlandy.

Russiýa we Türkmenistan 2020-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda möçberini artdyrdylar. Bu barada Federal gümrük gullugynyň sahypasyndaky maglumatlara salgylanyp, “Прайм” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, 2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 39,6% ýokarlandy.

Russiýanyň söwda gatnaşyklary esasan Bruneý döwleti bilen has ösdi (+6261,4%). Söwda Gonkong bilen 84,7%, Angliýa bilen 53,6%, Türkmenistan bilen bolsa 39,6% ýokarlandy.

Russiýa Federasiýasynyň söwdasy Täze Zelandiýa bilen 31,7%, Özbegistan bilen 15,6%, Wýetnam bilen 15,2%, Lýuksemburg bilen 10,9%, Eýran bilen 5,6% we Estoniýa bilen bolsa 4,8% ýokarlandy.

2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 694 million 797 müň amerikan dollaryna golaý bolup, bu görkeziji 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 56,47% ýokary boldy.