SOCAR: Günorta gaz geçelgesi arkaly türkmen gazy daşalyp bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
SOCAR: Günorta gaz geçelgesi arkaly türkmen gazy daşalyp bilner
Geçen ýylyň ahyrynda azerbaýjan gazy ilkinji gezek Transadriatik gaz geçirijisiniň üsti bilen Italiýa iberildi.

Geljekde Günorta gaz geçelgesiniň (GGG) üsti bilen Azerbaýjanyň Hazar ýataklaryndan goşmaça mukdarda tebigy gazy, şeýle hem Türkmenistanyň tebigy gazy daşalyp bilner. Bu barada Amerikanyň Atlantic Council seljeriş merkezi tarapyndan sişenbe güni gurnalan onlaýn maslahatynda SOCAR-yň maýa goýum we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowyň aýdanlaryna salgylanyp, “S&P Global Platts” agentligi habar berdi.

Nasirow Azerbaýjanyň SOCAR döwlet energiýa kompaniýasynyň Günorta gaz geçelgesiniň “ikinji tapgyryna” ünsi jemländigini, şeýle hem bu taslamany üpjün etmek üçin täze gaz çeşmelerini we Ýewropada täze satuw bazarlaryny öwrenýändigini belledi.

Wise-prezidentiň sözlerine görä, geljekde Türkmenistan we Ysraýyl Günorta gaz geçelgesini tebigy gaz bilen üpjün edip biler we şol bir wagtyň özünde bu geçelge arkaly Balkan ýurtlaryna energiýa serişdelerini iberip bilerler.

Nasirow Azerbaýjanyň deňhukuklylyk esasynda tebigy gazy birnäçe çeşmelerden üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýdyp, energiýanyň hiç haçan syýasy gural hökmünde ulanylmaýandygyny belledi.

Baku we Aşgabat geçen aý Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça taryhy şertnama gol çekip uly ösüş gazandylar diýip Nasirow öz çykyşynyň dowamynda belledi. Şeýle hem onuň sözlerine görä, 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýasyna gol çekilmezden we Günorta gaz geçelgesiniň gurluşygy tamamlanmazdan bu şertnama mümkin bolmazdy.

“Türkmenistan bilen bu täze hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýanyň gazyny Günorta gaz geçelgesine birikdirmek üçin has köp mümkinçilik döreder” diýip, Nasirow sözüni dowam etdi.

SOCAR-yň wise-prezidentiniň aýtmagyna görä, 2018-nji ýyldaky konwensiýa laýyklykda daşky gurşaw boýunça aýratyn seljerme geçirmezden Hazar deňzindäki ýataklarynyň arasynda gaz geçirijileri gurlup bilner.

Azerbaýjandan günorta Ýewropa gaz ugratmak maksady bilen döredilen Günorta gaz geçelgesiniň gurluşygy tamamlandy. Geçen ýylyň ahyrynda azerbaýjan gazy ilkinji gezek Transadriatik gaz geçirijisiniň üsti bilen Italiýa iberildi.

Geçelge Azerbaýjanyň Şah Deňiz 2 ýatagyndan gözbaş alyp, Gruziýanyň üstünden geçýän Günorta Kawkaz geçirijisi (SCPx), Türkiýäniň üstünden geçýän Transanadoly geçirijisi (TANAP) we Gresiýa bilen Albaniýanyň üstünden geçýän Transadriatik geçirijisi (TAP) şahalaryndan ybaratdyr.

2022