Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär
Bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat eder.

Türkmenistanda bäsleşik esasynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň dowamynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýer teklipleriň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde zerur işler geçirilip taýýarlanandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hasabaty diňläp Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça işi çaltlandyrmagyň hem-de degişli usullary has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Munuň özi hususy ulgamyň mümkinçiliklerini önümçilik we hyzmatlar ulgamynda durmuşa geçirmäge ýardam eder. Umuman, bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat eder, diýip Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany yzygiderli amala aşyrmagyň ähmiýetini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak boýunça Karara hem gol çekdi.

2022