Lebaply telekeçi geçen ýyl 17 tonna miwe hasylyny ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçi geçen ýyl 17 tonna miwe hasylyny ýygnady
Telekeçi üzümiň iki görnüşini ösdürip ýetişdirdi.

Lebap welaýatynda ýaşaýan hususy işewür Bahtiýar Ahmedow geçen ýyl öz eken miwe agaçlarynyň ählisinden 17 tonna barabar ilkinji hasylyny ýygnady. 

Häzirki wagta çenli telekeçi alan ýerleriniň 85 gektarynda alma, armyt, erik, garaly, şetdaly, ülje, çereşnýa, nar, hurma, badam, hoz ýaly jemi ondan gowrak miweli agaçlaryň görnüşlerini hem-de üzümiň iki görnüşini ösdürip ýetişdirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, miweli baglary möhüm agrotehniki kadalary berjaý edip, hatar aralarynda 4-5 metr, bag nahallarynyň aralygynda bolsa, görnüşleri bilen baglylykda, iki, üç ýa-da dört-bäş metr boş ýer goýup ekildi.

Baglaryň alma, şetdaly, erik, hoz, ülje, çereşnýa, badam ýaly görnüşleriniň nahallarynyň arasynda Täjigistandan getirilip oturdylanlary hem bar.

Telekeçi Ahmedow 2019-njy ýylda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň “Gülüstan” daýhan birleşigine degişli ýerleriň 99 gektaryny uzak möhletleýin 99 ýyla çenli peýdalanmak, bu ýerlerde miweli baglary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen aldy.

Telekeçiniň bir sany “JCB” kysymly ekskawatory bolup, geljekde ylalaşyga laýyklykda, “John Deere” kompaniýasyndan 1 traktoryň hem-de iki sany agregatyň getirilmegi meýilleşdirilýär.

2022