Daşoguzda 450 müň manada golaý zyýansyzlandyrylan lukmançylyk serişdeleri öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda 450 müň manada golaý zyýansyzlandyrylan lukmançylyk serişdeleri öndürildi
Kärhanada bir günüň dowamynda agyz-burun örtükleriniň 6 müň sanysy öndürilip, ilata ýetirilýär.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda ýanwar aýynda 450 müň manada golaý önüm öndürilip, 128,5% ösüş gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Kärhanada bir günüň dowamynda agyz-burun örtükleriniň 6 müň sanysy öndürilip, ilata ýetirilýär. Häzirki wagtda sargy serişdeleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy, iň kämil enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň 25 görnüşiniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada öndürilýän bäş gatly agyz-burun örtükleri, köp görnüşli lukmançylyk sargy serişdeleri, gorag eşikleri we beýlekiler hem arassaçylyk kadalaryny doly berjaý etmekde derwaýys hasaplanýar.

Geçen ýyl kärhanada 25 görnüşli önümleriň 8 million manatlykdan gowragy öndürilip, ýokary ösüş depgini üpjün edildi.

2022