Türkmenistan bilen Awstriýanyň kompaniýalary bilelikde derman öndürmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Awstriýanyň kompaniýalary bilelikde derman öndürmegi maslahatlaşdy
Awstriýaly işewürler ýolbaşçylyk edýän kompaniýalary we öndürýän önümleri bilen tanyşdyrdylar.

Awstriýanyň farmasewtika kompaniýalarynyň direktorlary we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri çarşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen gepleşikde Türkmenistanda lukmançylyk önümleriniň bilelikdäki önümçiligini ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar. 

Bu maslahat şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen gepleşikleriň dowamy boldy. Bu barada “ORIENT.tm” habar berdi.

“Sigmafarm” we “DiproMed” kompaniýalaryň ýolbaşçylary Bernhard Witman we Kristian Eder bu ugurda öz tekliplerini beýan etdiler we ony durmuşa geçirmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Onlaýn gepleşik Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan guraldy.

Türkmen tarapyndan gepleşiklere Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň birnäçe bölümleriň, şol sanda Dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Baş dermanhana birleşiginiň wirusologiýa bölüminiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Awstriýaly işewürler ýolbaşçylyk edýän kompaniýalary we öndürýän önümleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda, şol sanda bilelikdäki derman önümçiliginiň döredilmeginde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Awstriýanyň kompaniýalarynyň öndürýän derman serişdelerini, esasan hem wirus ýokanjyna garşy gönükdirilen dermanlaryny Türkmenistanda bellige almak üçin zerur bolan resminamalaryň taýýarlanylmagy maslahatlaşyldy.

“Sigmapharm” kompaniýasy steril we steril däl spreýler, damjalar we gulak-burun-bokurdak üçin beýleki suwuk serişdeler ýaly önümleri öndürýär. “DiproMed” kompaniýasy dürli ekspres–testleri öndürýär.