Daşoguzyň ekerançylary şu ýyl 375 tonna noýba ýygnarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň ekerançylary şu ýyl 375 tonna noýba ýygnarlar
Noýba Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ählisinde deň derejede ekiler.

Daşoguz welaýatynda şu ýyl kösükli ekinleri we künji tohumlaryny ekmek üçin 4 müň gektardan gowrak ýer bölünip berildi. Ýerli ekerançylar şeýle görkezijilerde güýzde azyndan 375 tonna noýba ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşine görä, şu ýyl 3 müň 700 gektar meýdana mäş ekilip, onuň her gektaryndan azyndan 15 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Geçen ýyl bolsa sebitde bäş müň tonnadan gowrak mäş ýygnaldy.

Noýba hem edil mäş ýaly Türkmenistanyň demirgazygynda öňden bäri ýetişdirilýän bolsa-da, soňky iki ýyl bäri uly möçberde ýetişdirilýär. Mäşiň bäşden bir bölegini S.Türkmenbaşy etrabynda ýetişdirmek göz öňünde tutulan bolsa, noýba Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ählisinde deň derejede ekiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň demirgazygynda şu ýyl 350 tonna künji ýygnamak göz öňünde tutulýar. S.Türkmenbaşy we Köneürgenç etraplary onuň iri öndürijilerdir, ol ýerlerde göz öňünde tutulýan hasylyň ýaryndan gowragyny ýetişdirmek maksat edinilýär.