Telekeçi Sunnetulla Sadykowyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän “Mizemez gadam” hususy kärhanasy alyp barýan işleriniň gerimini giňeldip, jaýlaryň içki we daşky boýaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Kärhananyň işçi-hünärmenleri gurluşyklar üçin zerur bolan alýuminden penjirelerdir gapylar, demir germewlerdir haýatlar ýaly gurluşyk serişdeleriniň hem birnäçesini öndürýärler.
Mundan başga-da, kompaniýanyň gurluşykçylary häzirki wagtda welaýatyň çäginde 3 sany 4 gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar.
Häzirki wagtda kärhanada 150-ä golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa gurluşyk işlerini alyp barmakdan başga-da, gury gurluşyk garyndylary, suw esasly emulsiýalar, kafel üçin ýelimler, bişen kerpiç ýaly gurluşyk serişdelerini hem öndürýär.
“Mizemez gadam” kompaniýasy 1994-nji ýylda döredilip, bişen we beton kerpiç ýaly gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bilen öz işine başlady. 2018-nji ýylda gidroizolýasiýa örtükleriniň önümçiligini ýola goýup, kärhana Magdanlyda bu gurluşyk serişdesi üçin gerekli çig mal bolan üwelen heki hem öndürýär.