Türkmen telekeçisi ýapon armydyny eksport etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ýapon armydyny eksport etmegi meýilleşdirýär
Hatar aralary giň bolup, bu miweli agaçlar damjalaýyn usulda suwarylýar.

Telekeçi Ahmet Jumabaýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki 51 gektar meýdanynda ýetişdirýän ýapon armydynyň şu ýyl ýüzlerçe tonna hasylyny ýygnamagy, şeýle hem daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.

Ýapon armydy Türkiýe Respublikasyndan nahal görnüşinde getirilip, kadaly şüdügärlenen, rejelenen, dökünler bilen iýmitlendirilen topraga oturdylyp, häzirki wagtda olaryň kadaly ýetişmegi üçin yzygiderli ideg edilýär. Hatar aralary giň bolup, bu miweli agaçlar damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

A.Jumabaýewiň aýtmagyna görä, hasyly köp bolar ýaly ýylyň degişli möwsüminde bu miweli agaçlar gyrkylýar we belli bir uzynlykda saklanylýar. Wagtly-wagtynda talabalaýyk ideg edilse, 5-6 ýylda ýetişip, her ýapon armydy agajyndan 10-20 kilogram aralygynda hasyl almak mümkin.

Bu ýerde ýetişdirilen ýapon armytlarynyň onlarça tonnasy geçen ýylda “Güneşli miwe” haryt nyşany bilen içerki bazarlarda sarp edijilere hödürlendi.

2022