Türkmenistan bilen “JCB Sales Limited” özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen “JCB Sales Limited” özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi
Gol çekilen Ähtnamanyň iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda anna güni özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, resminama gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, TSTB-nyň başlygy Döwran Hudaýberdiýew, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri boýunça wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Alan Haýton hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Ähtnama laýyklykda, TSTB tarapyndan bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirilýär. JCB kompaniýasynyň bolsa önümleriniň tehniki görkezilişlerini gurnamak babatda Birleşme bilen bilelikde işlemek, şeýle hem umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, çykdajylary azaltmak we öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermegi bellenilýär.

Dabaranyň ahyrynda, gatnaşyjylar tarapyndan birek-birege minnetdarlyk bildirilip, bu gol çekilen Ähtnamanyň iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022