Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Hazar deňizindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna 21-nji ýanwarda Aşgabatda gol çekildi.

Türkmenistanyň Mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly şenbe güni geçirilen maslahatyň barşynda “Hazar deňizindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda” Karary kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hazar deňizindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna  21-nji ýanwarda Aşgabatda gol çekildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem fewral aýynda “Dostluk” ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklamak boýunça Kanuna gol çekdi.

“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň baýlyklarynyň 30%-i Azerbaýjanyň we 70%-i Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

“Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamanyň gol çekilmegi Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasynyň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynda geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

2022