Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak nähili amala aşyrylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak nähili amala aşyrylýar?
TSTB-niň 13 ýyllygy mynasybetli sergi, Aşgabat, Türkmenistan

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine gümrük ýeňillikleriniň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri diýlip telekeçi ýuridik şahslara, senagatda, elektroenergetikada, gurluşykda, gaz we suw üpjünçiliginde işleýän işgärleriniň ortaça sany 15 adama çenli ýa-da 16-dan 200 adama çenli, beýleki pudaklarda 10 adamdan köp bolmadyk mikrokärhanalara, 11-den 25 adama çenli bolan kiçi kärhanalara, 26-dan 100 adama çenli bolan orta kärhanalara hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere düşünilýär.

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdaky esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

  • kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy-tehniki serişdeleriň berilmegi;
  • kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuk, ykdysady we gaýry maglumatyň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi;
  • kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň höweslendirilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ilatyň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy;
  • kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyny bäsleşik esasynda amala aşyrylmagy;
  • kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine işgärleri taýýarlamaga, gaýtadan taýýarlamaga we hünärini ýokarlandyrmaga ýardam etmegi;
  • daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň eksport mümkinçiligini ösdürmäge ýardam etmegi;
  • kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň jemgyýetçilik birleşiklerine goldaw berilmegi.

Kiçi we orta telekeçiligiň üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.

Çeşme: “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022