Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türkmenistan IRENA tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaşýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen sişenbe güni geçiren onlaýn gepleşiginiň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň we alternatiw çeşmeleriniň netijeli ulanylmagy ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Türkmen tarapy Agentlik tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýalaryna yzygiderli gatnaşýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi, şeýle-de energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna energotygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak maksady bilen “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasynyň” tassyklanylandygy nygtalyp geçildi.

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek babatyndan Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Pudagara iş topary Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda gol çeken ýörite Kararyna laýyklykda döredildi.

2022