Hojambaz etrabynda 97 tonna çig pile öndüriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hojambaz etrabynda 97 tonna çig pile öndüriler
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ussat ýüpekçileri şu ýyl 97 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutýarlar.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ussat ýüpekçileri şu ýyl 97 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutýarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda etrabyň ýüpekçileri möwsüme taýýarlyk işlerini tamamladylar. Ýüpek gurçuklaryny örüzmek üçin inkubatorlaryň 12-sinde hem-de hasyl kabul ediş sehleriniň 4-sinde abatlaýyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýynyň 12-ne geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekip, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmagy, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda şu ýyl 2 müň 100 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar, ýagny Ahalda 155 tonna, Balkanda 25 tonna, Daşoguzda 500 tonna, Lebapda 1 müň 10 tonna, Maryda 410 tonna.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022