Türkmenistan bilen Ermenistanyň baş diplomatlary duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Ermenistanyň baş diplomatlary duşuşdy
Taraplar halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. (Surat: Ermenistanyň DIM-i)

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýan bilen penşenbe güni duşuşyk geçirdi. Onda taraplar däp bolan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we bar bolan mümkinçiligi kesgitlemäge gönükdirilen çäreleri görmegiň möhümdigini bellediler.

Ermenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Meredow we Aýwazýan iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmäge taýýardyklaryna aýratyn ähmiýet berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, ylmy we tehniki pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Taraplar halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şeýle hem, olar GDA-nyň gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça pikir alşyp, iki ýurduň halky üçin taryhy ýadygärlikleri we medeni mirasy gorap saklamagyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistanyň we Ermenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022