OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar
OPEC+ ýurtlary geçen ýyl özleriniň azaldan nebit önümçiliklerini dikeldýärler. (Surat: BP)

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) we onuň hyzmatdaşlary penşenbe güni geçirilen onlaýn maslahatyň dowamynda nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmak boýunça ylalaşyga geldiler.

“Associated Press” agentliginiň habar berşine görä, OPEC+ ýurtlary geçen ýyl özleriniň azaldan nebit önümçiliklerini dikeldýärler. Olar pandemiýa çökgünligi sebäpli nebit bahalaryny durnukly derejede saklamak üçin energiýa serişdesiniň önümçligini azaldypdylar.

OPEC+ ýurtlary maý aýynda gündelik nebit önümçiligini 350 müň barrelle çenli artdyrmak kararyna geldiler. Olar iýun aýynda hem şol derejede önümçiliklerini ýokarlandyrarlar. Soňra iýul aýynda günlük önümçilik depginini 400 müň barrel töweregi artdyrmak kararyna gelindi.

Saud Arabystany Patyşalygy şu ýylyň başynda nebit önümçiligini günde bir million barrele çenli azaltmak barada meýletin karar beripdi. Häzirki wagtda Saud Arabystany Patyşalygy iýul aýynyň ahyryna çenli özüniň nebit önümçiligine girizen çäklendirmelerini aýyrmagy meýilleşdirýär.

Bütindünýä nebit bazarynda ýüze çykýan durnuksyzlyk sebäpli OPEC guramasynyň agzalary we onuň iri nebit öndüriji ýurtlardan ybarat bolan hyzmatdaşlary nebit önümçiliginiň derejesini kesgitlemek üçin her aý duşuşýarlar.

Nebit önümçiligini artdyrmak kararyna garamazdan onuň bahasy ýokarlanýar. “AP”-iň habar bermegine görä, biržalarda goşmaça öndüriljek nebite bolan islegiň ýeterlik derejede boljakdygy çaklanylýar. WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 3,6% artyp, onuň bir barreliniň bahasy 61,28 ABŞ dollaryna barabar boldy. Brent nebitiniň şertnamalarynyň bahasy hem 3,1% artyp, bir barreliň bahasy 64,66 ABŞ dollaryna deň boldy.

2022