Türkmenistanyň biržasynda $11 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $11 milliondan gowrak söwda boldy
Türkiýeden gelen täjirler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 11 million 485 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Gyrgyzystanyň işewür wekilleri dürli görnüşli tüýjümek önümlerini satyn aldylar.

Şeýle hem BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 665 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 75 million 82 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.