Daşoguzda 50 müň tonnadan gowrak çörek öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda 50 müň tonnadan gowrak çörek öndürildi
Öndürilen çörek önümleri şu döwür üçin meýilnamada göz öňünde tutulandakydan ep-esli ýokary boldy.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Lomaý bölek-söwda nokadynyň çörek bişirilýän bölüminde 2021-nji ýylyň başyndan bäri çörek önümleriniň 50 müň tonnadan gowragy öndürilip, ilata ýetirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar berşine görä, çörek bölümde esasan, çörekleriň birnäçe görnüşi öndürilýär. Ol ýerde alyjylara çöregi we çörek önümlerini gysga wagtda gyzgyny bilen ýetirmäge mümkinçilik berýän tehniki üpjünçilik bar.

Öndürilen çörek önümleri şu döwür üçin meýilnamada göz öňünde tutulandakydan ep-esli ýokary boldy.

Boldumsazyň Lomaý bölek-söwda nokadynyň çörek bişirilýän bölüminiň zähmetkeşleri hem çöregiň we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini ilatyň islegine görä taýýarlap, alyjylara hödürleýär.

2022