Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasy 800 tonna golaý ýüplük öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasy 800 tonna golaý ýüplük öndürdi
Kärhana ýylda 4 müň 500 tonna nah pagtany gaýtadan işläp, ondan 4 müň tonna ýokary hilli “Open End” ýüplüklerini öndürip bilýär.

Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 800 tonna golaý ýüplük öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, üç aýda öndürilen önümiň 70%-den gowragy Türkiýe, Polşa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksporta ugradyldy.

Kompaniýanyň sehinde pamykdan 17/1, 20/1, 27/1 we 34/1 ölçegli ýüplükleri we her topy 2 kilogramdan geçýän ýüplükleriň günde 11 tonnasy öndürilýär. Işler üç çalşykda alnyp barylýar. Kärhanada 148 hünärmen zähmet çekip, olaryň 70%-i gelin-gyzlardyr.

Şeýle hem, kärhanada Şweýsariýanyň “Uster” kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary kärhananyň barlaghanasynda pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçemekde ulanylýar. Şeýle-de ýüplükleri awtomatiki usulda gaplamak üçin Italiýanyň “Zancaner” we sowadyş, ýyladyş hem-de howany arassalaýyş ulgamlarynda Şweýsariýanyň “Luwa” kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.

Kärhana ýylda 4 müň 500 tonna nah pagtany gaýtadan işläp, ondan 4 müň tonna ýokary hilli “Open End” ýüplüklerini öndürip bilýär. “Open End” dokma senagatynda ulanylýan iň ýokary hilli ýüplük görnüşleriniň biridir.