Daşoguz welaýatynda ýeralma ekişi tamamlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda ýeralma ekişi tamamlandy
Ýeralmanyň Golland görnüşleri ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýarlar.

Ýeralmanyň iri öndürijisi bolan Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň daýhanlary Daşoguz welaýatynda ýeralma ekişini tamamladylar. Bu etrap boýunça şu ýyl 950 gektara ýeralma ekildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň geçen şenbe güni beren habaryna görä, S.А.Nyýazow adyndaky etrap boýunça ýeralma ekilen meýdanyň möçberi 450 gektary eýeleýär.

Tutuşlygyna alanyňda Daşoguz welaýatynda bu ýylky ýaz ekişine bölünip berlen 1 müň 900 gektarda möhüm agrotehniki çäreleri geçen ýylyň degişli döwründen has gysga möhletde tamamlandy.

Mundan başga-da, sebitde düýp soganyň ekiş işleri hem tamamlandy. Soganyň hasyly ýokarda atlary agzalan iki etrapda hem-de Gubadag etrabynda öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has köp ekildi.

Daşoguz welaýatynda esasan, ýeralmanyň Golland görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olara ideg etmek aňsat bolup durýar. Olar ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanyp, ýerli toprak we howa şertlerine gowy uýgunlaşýarlar.