Türkmen önümleriniň eksporty: ösüş ugry

Ogulgözel Rejepowa
Türkmen önümleriniň eksporty: ösüş ugry
Türkmenistanda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýola goýmak üçin erkin söwda uly ähmiýet berilýär.

Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) bilermenleri 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda söwdanyň dikeldilmeginiň garaşylýan derejesinden has ýokary bolmagy baradaky maglumatlaryna esaslanyp, bu pudagyň geljegine umytly garaýarlar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, pandemiýa sebäpli 5,3 % azalan halkara söwdasynyň göwrümi şu ýyl 8 %, indiki ýyl bolsa ýene 4 % ösüp biler.

Pandemiýa sebäpli kynçylyklara we iri global öndürijileriň arasyndaky söwda düşünişmezliklere garamazdan, halkara söwda ulgamy netijeli işlemegini dowam etdirdi. Bu bolsa ýagdaýyň pese düşmeginiň öňüni aldy. Ykdysady çökgünlik döwründe onuň netijeli işlemegine Bütindünýä söwda guramasynyň agza ýurtlarynyň borçnamalary, halkara kadalaşdyryjy namalar we bazar gatnaşyjylarynyň ykdysady bähbitleri ýaly birnäçe ýagdaýlar goşant goşdy.

BSG-niň hünärmenleri halkara söwda çäklendirmeleriniň goýulmazlygyna we bazarlaryň kadaly işlemegini üpjün etmäge çagyrýarlar. BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala ýakynda geçirilen metbugat ýygnagynda belleýşi ýaly, bu çäreler saglyk we ykdysady taýdan dikeldiş üçin örän wajypdyr.

Ýewraziýanyň söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýola goýmak üçin erkin söwda uly ähmiýet berilýär. Bütindünýä söwda guramasynda 2020-nji ýylyň iýul aýynda synçy statusyny alan Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösmegine, türkmen harytlarynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça Maksatnamasy hereket edip, ony durmuşa geçirmekde onlarça ministrlikler we hususy pudaklar gatnaşýarlar. Türkmenistanyň BSG-daky synçy statusy ýurduň halkara söwda ulgamynda ornuny pugtalandyrmakda, söwda strategiýasynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze “mümkinçilikleriň” açylmagyna ýardam berýär.

Dünýädäki töwekgelçilikleri ýeňip geçmekde we türkmen ykdysadyýetiniň durnuklylygyny üpjün etmekde söwda möhüm orun eýeledi. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň takmynan 40% ösendigini belläp, onuň “gowy netijedigini” aýtdy.

Kazan şäherinde (Tatarstan Respublikasy, Russiýa) Türkmen Söwda öýüniň ýakyn geljekde açylmagy ikitaraplaýyn söwdanyň bar bolan mümkinçiligini mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge ýardam berer. Söwda öýüniň işi türkmen kärhanalarynyň önümlerini Russiýanyň bazarlarynda tanatmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdiriler.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan önümçiligi ösdürmek we iki ýurduň telekeçileriniň arasynda şertnama baglaşmak üçin Türkmen we Gazak Söwda öýleriniň ikitaraplaýyn açylmagy ugrunda degişli işleri alyp barýar. Taraplar bu ýagdaýlaryň iki ýurduň arasynda söwdanyň ýokarlanmagyna we işewür toparlarynyň özara gatnaşyklaryny ýola goýmak  üçin itergi berjekdigine ynanýarlar.

Döwlet Baştutanymyz importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmakda kiçi we orta kärhanalaryň ähmiýetini göz öňünde tutup, täze bazarlary tapmakda we öndürilen bäsdeşlik harytlaryny satmagyň ýollarynda giňişleýin goldaw bermäge çagyrýar.

Hususan-da, önümleri eksport etmekde we dünýä bazarynda orunlaryny berkitmekde ýurduň hususy öndürijilerine marketing, hukuk we maslahat beriş kömegi göz öňünde tutulýar. Eksport goldaw merkeziniň döredilmegi hem-de kiçi we orta kärhanalara goldaw berjek merkeziň döredilmegi oňa ýardam eder. Şu maksat bilen daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenmek hem meýilleşdirilýär.

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 07.04.2021 senesinde çap edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022