TDHÇMB-niň elektron maglumatlar binýady işlenip düzülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-niň elektron maglumatlar binýady işlenip düzülýär
TDHÇMB-niň elektron maglumat binýadynda bellige alnan daşary ýurt şertnamalary barada maglumat almak mümkinçiligi bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) işini tapgyrlaýyn kämilleşdirmek maksady bilen maglumatlar binýady işlenip düzülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen ýygnagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, maglumatlar binýadynyň içine bellige alnan şertnamalar, seljermeler we müşderileriň “şahsy otaglary” döredilip, olar barada degişli maglumatlar goýular.

TDHÇMB-niň elektron maglumat binýadynda bellige alnan daşary ýurt şertnamalary barada maglumatlar, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň sanawlary hem-de nyrhlary barada maglumat almak mümkinçiligi bar.

Birinji tapgyrda ähli gyzyklanýan taraplar üçin maglumatlar elýeterli bolup, geljekde hyzmatlaryň tölegli esasda alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, müşderileriň islegine görä, aýry-aýry haryt görnüşleriniň bahalaryny tassyklap bermek, biržada dellallyk ýerlerini açmak üçin elektron usulda tölegleri üpjün etmek hem-de beýlekiler boýunça hyzmatlary girizmek göz öňünde tutulýar.

Nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegi birža hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmaga, täze daşary ýurt müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge hem-de üç ýylyň dowamynda maglumatlaryň ählisini saklamaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022