“Halal Dogan” Wena şäherine türkmen pomidorlaryny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halal Dogan” Wena şäherine türkmen pomidorlaryny eksport etdi
TSTB-nyň agzalary geçen ýyl 37 müň 750 tonna pomidor ösdürip ýetişdirdiler we daşary ýurtlara eksport etdiler.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Halal Dogan” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Wena şäherindäki hemişelik wekilhanasynyň ýardam bermegi bilen Wena şäherine türkmen pomidorlaryny eksport etdi.

TSTB-nyň resmi saýtynda duşenbe güni habar berlişi ýaly, türkmen pomidorlarynyň ilkinji ýük maşyny Wenanyň lomaý bazaryna gelip gowuşdy. Önümler gümrük gullugynyň barlagyndan geçenden soňra, Awstriýadaky satuw nokatlaryna ýerlenildi.

“Halal Dogan” hususy kärhanasynyň hyzmatdaşy bolup Awstriýanyň “Turop Konsalt” kompaniýasy çykyş edýär. Awstriýanyň bu kompaniýasy türkmen pomidorlarynyň Ýewropa importyny artdyrmak üçin “Halal Dogan” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Sebäbi önüme bolan islegiň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar.

TSTB-nyň agzalary geçen ýyl 37 müň 750 tonna pomidor ösdürip ýetişdirdiler we daşary ýurtlara eksport etdiler. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 70% köpdür. 2021-nji ýylyň iki aýynda bolsa, 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi.