Türkmenistan bilen BMG ÝYK ýurtlary aýlawly ykdysadyýetiň meselelerine garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BMG ÝYK ýurtlary aýlawly ykdysadyýetiň meselelerine garady
BMG ÝYK-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisi 20–21-nji aprel aralygynda geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisiniň ýygnagy sişenbe güni Ženewadaky (Şweýsariýa) Milletler köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly we adaty görnüşinde geçirildi. Onuň dowamynda aýlawly (circular) ykdysadyýeti we tebigy baýlyklardan durnukly peýdalanmak meselelerine garaldy.

“ORIENT.tm” agentliginiň habar berşi ýaly, ýokary derejeli geçirilen gepleşige türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammmetgeldi Serdarow gatnaşdy.

Gepleşigiň dowmynda COVID-19 pandemiýasynyň çäginde aýlawly ykdysadyýete geçmegi öňe sürmek we tebigy baýlyklardan durnukly peýdalanmak ýaly syýasy başlangyçlara hem-de ykdysadyýetiň ösüşini güýçlendirmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ornuna aýratyn üns berildi.

Bu maslahatyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar we hökümetler tarapyndan alnyp barylýan çärelere, şeýle hem daşky gurşawa edilýän basyşy azaltmak bilen bir hatarda ykdysadyýetiň kuwwatlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýaly çärelere seredildi.

Şeýle hem, BMG ÝYK-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisi 20–21-nji aprel aralygynda geçirilip, onuň çäklerinde wezipeli adamlaryň saýlawlary alnyp barylýar. Her iki ýyldan geçirilýän mejlisde komissiýa 2 ýyllyk başlyklyk etmek üçin bir ýurt saýlaýar. Saýlanan ýurduň wekili iki ýylyň dowamynda başlyklyk edýär.

Mundan başga-da, şol mejlisde komissiýa başlygyň orunbasary wezipesine 2 sany ýurdy 2 ýyl möhlet bilen saýlaýar. Başlyk we onuň orunbasarlary 2 ýylyň dowamynda ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy we orunbasarlary wezipesini hem ýerine ýetirerler.

Türkmenistan geljek 2 ýylda BMG ÝYK-nyň başlygynyň orunbasary wezipesine öz dalaşgärligini hödürledi. Ýurdumyz eýýäm 2012–2014-nji ýyllar aralygynda komissiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi.

2022