ABŞ dollarynyň hümmetiniň peselmegi esasynda altynyň bahasy ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ dollarynyň hümmetiniň peselmegi esasynda altynyň bahasy ýokarlanýar
Altynyň iýun aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 15.75 ABŞ dollary möçberinde ýokarlandy.

Dünýäniň esasy biržalarynda çarşenbe güni ABŞ dollarynyň hümmetiniň peselmegi sebäpli altynyň bahalary 1% töweregi ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň “PRIME.ru” biznes täzelikleri agentligi habar berdi.

Moskwanyň sagady bilen 18:28-de Nýu-Ýorkyň COMEX biržasynda altynyň iýun aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 0.9% ýa-da 15,75 ABŞ dollary möçberinde ýokarlanyp , altynyň 1 troý unsiýasynyň (takmynan 31,1 gram) bahasy 1 müň 794,2 ABŞ dollaryna barabar boldy. Kümüşiň maý aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 2,7% artyp 1 unsiýasynyň (takmynan 28 gram) bahasy 26,53 ABŞ dollaryna deň boldy.

“PRIME” agentliginiň bellemegine görä, ABŞ dollaryň hümmetiniň peselmegi altynyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi, bu bolsa daşary ýurt walýutalarynyň eýelerine altyny satyn almak üçin amatly boldy. Amerikan dollarynyň ABŞ-nyň esasy söwda hyzmatdaşlary bolan alty ýurduň walýutalaryna bolan hümmeti yzgiderli 3 hepde peselip gelýär. Indeks häzirki wagtda 91,12 bende deňdir. Şu aýyň başynda indeks 93 bentden hem geçipdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şol bir wagtyň özünde dünýä bazarlarynda koronowirus pandemiýasy bilen bagly meseleler ýüze çykýar. COVID-19-yň täze tolkuny Hindistan we Ýaponiýa ýaly birnäçe ýurtlaryň ykdysady dikeldilmegine töwekgelçilik döretdi. Bu bolsa öz gezeginde ygtybarly aktiw hökmünde hasap edilýän altyna bolan islegiň artmagyna sebäp boldy.