Türkmenistan BMG ÝYK-nyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG ÝYK-nyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy
BMG-niň Ženewadaky edarasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) ýerine ýetiriji komitetiniň çarşenbe güni geçiren 69-njy mejlisiniň çäginde indiki iki ýyl (2021-2023) üçin taraplaryň jogapkärli wezipeleriniň saýlawlary geçirildi. Bu mejlisde Türkmenistan BMG ÝYK-nyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, BMG ÝYK-nyň başlyklyk wezipesi Belarusdan Awstriýa döwletine geçdi. BMG ÝYK-nyň başlygynyň orunbasary wezipesine Türkmenistan bilen bir hatarda Şweýsariýa hem saýlanyldy.

Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow türkmen wekiliýetiniň adyndan eden çykyşynda Türkmenistanyň BMG ÝYK-nyň başlygynyň orunbasary wezipesiniň çäklerinde degişli çärelere işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

BMG ÝYK-nyň ýerine ýetiriji komiteti her iki ýyllyk mejlisde iki ýylyň dowamynda başlyklyk etjek ýurdy saýlaýar. Mundan başga-da, şol mejlisde komissiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesine iki sany ýurt iki ýyl möhlet bilen saýlanýar. Türkmenistan 2012-2014-nji ýyllar aralygynda hem komissiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi.

2022