Gazagystan we Türkmenistan serhetara meselesine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan we Türkmenistan serhetara meselesine garadylar
Ýygnakda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekiliýetleriniň sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn döwletara geňeşme ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda taraplar iki ýurduň serhet nokatlaryndan raýatlaryň hereketi boýunça hukuk binýadynyň ösdürilmegine garadylar. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministriniň resmi saýty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gazak wekiliýetine Gazagystanyň DIM-niň Konsullyk gullugynyň müdiri Bauyržan Akataýew, türkmen wekiliýetine bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugynyň başlygy Annamyrat Altyýew ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň raýatlarynyň serhedi kesip geçmekleriniň tertibini, ulagly raýatlara wizanyň berilmegini, kandaslaryň, ýagny etnik gazaklaryň Gazagystana göçmekleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, konsullyk salgytlarynyň bir görnüşli umumy ulgamyny döretmek ýaly meselelere degip geçildi.

Mundan başga-da, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.

Geňeşmäniň jemlerinde taraplar konsullyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ygrarlydyklaryny bellediler.