Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň söwda öýleriniň açylmagy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň söwda öýleriniň açylmagy maslahatlaşyldy
Maslahatyň dowamynda taraplar Söwda öýlerini açmak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Türkmenistanyň we “Maddox” kompaniýasynyň toparynyň wekilleriniň arasynda anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ilkinji gepleşigi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Bakuda Türkmenistanyň Söwda öýüniň we Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Bu barada Azerbaýjanyň “Trend” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn maslahat Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde guraldy. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň dowamynda taraplar Söwda öýlerini açmak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredip, maýa goýum meselelerini, bilermenleriň bar bolan mümkinçiliklerini we iki ýurduň bazarlarynda önümlere bolan islegi ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň görnüşleriniň gerimini giňeltmek maksady bilen söwda dolanyşygynyň gurluşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda satuwlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen TSTB-nyň Russiýa, Belarus, Gyrgyzystan, Owganystan, Türkiýe, Hytaý ýaly onlarça ýurtlarda söwda öýleri açyldy.

2022