Türkmenistanyň statistika edarasy tölegli hyzmatlara baha bermek mümkinçiliklerine seretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň statistika edarasy tölegli hyzmatlara baha bermek mümkinçiliklerine seretdi
Gepleşigiň dowamynda 2022-nji ýylda ýurduň statistika ulgamy üçin kesgitlenen meselelere seredildi. (Surat: TSTB)

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş Umman boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) wekilleriniň arasynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Onuň barşynda ilata kiçi we orta kärhanalar tarapyndan berilýän tölegli hyzmatlaryň göwrümini bahalandyrmakda maslahat goldawyny bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) habar berşi ýaly, gepleşikde bilermenler hökmünde resmi statistika boýunça sebit geňeşçisi Ýan Smit, Aziýa we Ýuwaş Umman üçin Statistika institutynda ykdysadyýet statistikasy boýunça hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk işlere jogapkär hünärmen Pinar Ukar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň we UNESCAP-yň hünärmenleri halkara derejesinde ykrar edilen ülňülere we öňdebaryjy tejribä laýyklykda tölegli hyzmatlaryň saýlama barlagyny geçirmegiň usulyýetini kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurduň statistika ulgamy üçin kesgitlenen meselelerine hem seredildi.

Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň möhüm bölegi bolup, ýurdumyzy ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek we bäsdeşlik gurşawyny emele getirmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde wajyp orun eýeleýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022