OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmaga ygrarly galdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmaga ygrarly galdylar
2021-nji ýylda bütindünýäde nebite bolan islegiň 6 million barrel ýokarlanmagyna garaşylýar.

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) we onuň hyzmatdaşlary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ministrler derejesindäki sişenbe güni geçirilen mejlisiň dowamynda maý aýyndan iýul aýyna çenli nebit önümçiligini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak boýunça ozalky mejlisde kabul edilen ylalaşyga görä hereket etmegi karar berdiler. Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, OPEC+ ýurtlary 1-nji aprelde geçirilen mejlisde karara gelnen ylalaşyga ygrarly galmagy makulladylar diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak aýtdy.

Nowagyň aýtmagyna görä, indiki ministrler derejesindäki OPEC+ mejlisi 1-nji iýunda geçiriler. Onuň dowamynda iýul we awgust aýlaryndaky nebit önümçiliginiň derejesine serediler. OPEC+ tarapyndan ýaýradylan beýanatda hem indiki ministrler derejesindäki mejlisiň 1-nji iýunda geçiriljekdigi tassyklanyldy.

Bütindünýä nebit önümçiliginiň üçden bir bölegini üpjün edýän OPEC+ topary öziniň günlik önümçilik mukdaryny 8 million barrele golaý kesdi. Bu bolsa bütindünýäde nebite bolan talabyň 8% -den gowragyna deňdir. Bu çäklendirmeleriň içine Saud Arabystany tarapyndan 1 million barrel nebit önümçiliginiň ýatyrylmagy hem girýär.

Aprel aýynyň 1-ne geçirilen mejlisde OPEC+ topary maý-iýul aýlarynda nebitiň günlük öndürilişini tapgyrlaýyn 2 million 100 müň barrel artdyrmagy ylalaşypdylar.

OPEC+ bilermenleriniň hasabatyna görä, 2021-nji ýylda bütindünýäde nebite bolan islegiň 6 million barrel ýokarlanmagyna garaşylýar.

Dünýäde 1 milliarddan gowrak COVID-19 sanjymlarynyň urulmagyna garamazdan, OPEC+ topary Hindistanda, Braziliýada we Ýaponiýada täze ýokanç keselleriniň köpelmegi nebite bolan islegiň dikelmegine böwet bolup biljekdigini çaklaýar.