Türkmenistanyň Prezidenti we halkara kompaniýalar maýa goýum meselesine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti we halkara kompaniýalar maýa goýum meselesine garadylar
Gepleşigiň dowamynda birnäçe maýa goýum teklipleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen çarşenbe güni onlaýn maslahat geçirdi. Onuň barşynda taraplar energetika pudagyny ösdürmek we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek bilen baglanşykly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

“King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska, onlaýn maslahata gatnaşýan kompaniýalaryň depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanymyzy öz kärdeşleri hem-de dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurdunda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň we ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz teklipleri üçin jenap Endrýu Hruska minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi. Bu kompaniýanyň energetika pudagyndaky tejribesi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky abraýy Türkmenistanyň taslama bildirýän berk talaplaryna we garaýyşlaryna laýyklykda wekilçilik etmegine ynam döredýär diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylar düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Şeýle hem, gepleşigiň dowamynda “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, iri maliýe institutlarynyň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Kompaniýanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryny özleşdirmek üçin täze düzümleri döretmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlaryny tassyklaýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň ara alnyp maslahatlaşylan taslamalara degişli meýillerini şu günki wideomaslahatyň teswirnamasynda bellige almagy teklip edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki bilelikdäki hereketleriniň nobatdaky duşuşygyň çäklerinde garaljakdygyny belledi.

Igor Makarow öz çykyşynda ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini hem aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022