Mişustin: Russiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mişustin: Russiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýär
Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň söwda pudagynda öňe gidişlik gazanandygyny aýtdy. (Surat: “government.ru”)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustiniň arasynda anna güni Tatarystanyň Kazan şäherinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mihail Mişustin Russiýanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna itergi bermek, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary gaýtadan ýola goýmak üçin zerur şertleri döretmek isleýändigini mälim etdi.

Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtyndaky duşuşyk boýunça beýanata görä, “Russiýa bilen Türkmenistan dünýäde bolup geçýän ýagdaýlara we çökgünlige garamazdan, söwda pudagynda öňe gidişlik gazandy” diýip, Mihail Mişustin belledi.

Premýer ministr Russiýanyň statistika maglumatlara salgylanyp, söwda dolanyşygynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 40% ýokarlandygyny we 1 milliard ABŞ dollaryna golaýlandygyny aýtdy. Şeýle hem, onuň soňky bäş ýylyň içinde in ýokary derejedigini nygtady.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde Rus tarapynyň Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine täze itergi berjekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Russiýa bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çalt ösmeginde esasy faktoryň Türkmenistan bilen Russiýanyň Prezidentleriniň arasyndaky açyk we dostlukly syýasy gatnaşykdygyny belledi.

Türkmenistanyň wise-premýeri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli pudaklarda we ugurlarda ösýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti anna güni Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy, şeýle hem Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi.

2022