“Miweli Ülke” hususy kärhanasy täze ýyladyşhananyň gurluşygyna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miweli Ülke” hususy kärhanasy täze ýyladyşhananyň gurluşygyna başlady
Kompaniýa 10 müň 212 tonnalyk sowadyjy ammarlarynyň gurluşygyny dowam edýär. (Surat: “Miweli Ülke” HK)

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän telekeçi Maksatmyrat Gurbanmuhammedowa degişli “Miweli Ülke” hususy kärhanasy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen, 50 gektar meýdanda banan we sitrus miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyna başlady.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, ýyladyşhananyň howa sazlaýyş, suwaryş ulgamlary dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylar. Ýyladyşhanada banan ýetişdirmekden başlap, gaplamaga çenli ähli işler awtomatlaşdyrylar we onuň 3 gektaryna pyrtykal ekiler.

Şeýle-de kompaniýa hasyly ýitgisiz ýygnap, zaýasyz saklamak maksady bilen, 10 müň 212 tonnalyk sowadyjy ammarlarynyň gurluşygyny dowam edýär.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň fewralynda Ýaponiýanyň “ROTOBO” assosiasiýasynyň guramagynda “Merkezi Aziýa — Wirtual EKSPO (CAVEX)” onlaýn sergisinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumda birnäçe taslamalary bilen tanyşdyrdy.

“Miweli ülke” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, döredilen wagtyndan bäri ýerli daýhanlar we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

2022