2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 52 milliard 585 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 17,2% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 44 milliard 883 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 5 milliard 722 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 17,7% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 4 milliard 863 million manada deň boldy.
Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň aprel aýynda raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 13 milliard 250 million manada deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,5% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň aprel aýynda berlen karzlaryň möçberi 12 milliard 102 million manada barabar boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň karz edaralarynyň kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 70 milliard 511 million manada barabar bolupdy.
Bank gözegçiligi müdirliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda karz berýän banklaryň hataryna “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky (DTB), “Daýhanbank” DTB, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky (PTB), “Senagat” PTB, “Rysgal” PTB girýär.
Merdan Jumaýew
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty