Türkmenistanyň Prezidenti “Miwe” kompaniýasynyň işi bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Miwe” kompaniýasynyň işi bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik iş hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew Milli Liderimizi “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji beketleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary bolup, olaryň her birine “Watan” daýhan birleşiginiň çäginden 300 gektar ýer bölekleri bölünip berildi. Kompaniýada 345 iş orny döredildi.

“Gök bulut” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýylda 370 tonna hoz, 520 tonna alma, 120 tonna garaly, 140 tonna şetdaly, 1 müň 500 tonna armyt öndürmäge niýetlenendir.

“Hemsaýa” hojalyk jemgyýetinde ýylda 180 tonna badam hem-de 2 müň 100 tonna hurma öndürmek meýilleşdirilýär.

“Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri badamyň degişlilikde 340 we 320 tonnasyny almak göz öňünde tutýarlar.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin suwdan rejeli peýdalanmagyň wajypdygyny belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.