Koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýyň “Sinovac” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana ýekşenbe güni getirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýda öndürilip, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza getirilýän waksinalaryň hemmesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we ÝUNISEF-niň tekliplerine laýyklykda, “sowuklyk zynjyrynyň” talaplaryny berjaý edilmegi bilen, ammarlarda saklanylýar.
Şeýle hem, COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklylaşdyrmak üçin Türkmenistan Merkezi Aziýada “Sputnik V” sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt bolupdy.
Mundan başga-da, wirusologiýa we biotehnologiýa boýunça “Wektor” Döwlet ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenilip düzülen “EpiWakKorona” atly Russiýanyň koronawirusa garşy ikinji sanjymy Türkmenistanda resmi taýdan şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda bellige alyndy. Şeýle hem, ýurdumyz Hytaýdan “BIOwak” waksinasyny alypdy.