“Lapis Lazuli” geçelgesi – Owganystandan Ýewropa barýan ýoldur

Ogulgözel Rejepowa
“Lapis Lazuli” geçelgesi – Owganystandan Ýewropa barýan ýoldur
“Lapis Lazuli” ulag geçelgesini döretmek baradaky pikir 2012-nji ýylda ýüze çykdy. (Surat: Baku porty)

Bilermenler global pandemiýadan soňky ösüşi ilerlemekde täze hereketlendirijileriň arasynda ulag kommunikasiýalarynyň diwersifikasiýasyny görkezýärler. Bu, ilkinji nobatda, geçen ýyl deňizde ýük daşamak ugrunda dörän kynçylyklara garamazdan öz ygtybarlygyny, durnuklylygyny we ykdysady netijeliligini görkezen demir ýol ulagyna degişlidir. Maglumatlara görä, geçen ýyl dünýäde ýüze çykan kynçylykly ýagdaýlar deňizde ýük daşamak kireýiniň gymmatlamagyna getirdi. Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasynda deňizde ýük daşamak tölegi 2020-nji ýylyň dekabrynda üstaşyr demir ýol ýük daşalyşynyň töleginden 50% ýokarlandy. Şeýle ýagdaýlar ýük ugradyjylary “deňizden demir ýollara” geçmäge itergi berýärler we demir ýol ulaglaryna goşmaça artykmaçlyklary döredýärler.

Şeýle ýagdaýada Aziýadan Ýewropa ýükleri ugratmagyň amatly we arzan ýoly hökmünde “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ähmiýeti artýar. Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugruny - integrirlenen multimodal üstaşyr we ulag ulgamynyň häzirki zaman görnüşinde “Lapis Lazuli” geçelgesini döretmek baradaky pikir 2012-nji ýylda ýüze çykdy. Birnäçe tehniki maslahatlardan soň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynda (RECCA) Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa, Türkiýe Respublikasy we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” geçelgesi (Lapis Lazuli Transit, Trade & Transport Route Agreement) ylalaşygyna gol çekildi.

2018-nji ýylyň dekabrynda synag demir ýol düzümi Turgundi stansiýasyndan Serhetabadyň üsti bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna iberildi we Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana ugradyldy. Ulag geçelgesiniň synag taslamasy ýurtlara ýükleri ugratmakda kynçylyklary ýüze çykarmaga, soňra olary çözmekde gerekli çäreleri görmäge mümkinçilik berdi.

Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi Merkezi Aziýa üçin wajyp ykdysady meseleleriň birnäçesi üçin çözgütdir. Bu ulag geçelgesi sebitde önümçiligi ösdürmäge we Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam etmek üçin niýetlenendir. Lapis Lazuli geçelgesi ýük daşalyşyny çaltlandyrar we haryt öndüriji bilen satuw bazaryna çenli aralygy gysgaldar. Bu bolsa önümleriň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Şol bir wagtyň özünde, bilermenler täze geçelgäni ozalky Ýewraziýanyň demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar iri üstaşyr-ulag we söwda ýollary bilen utgaşdyrylmak mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler.

Türkmenistan bu geçelgede ilkinji üstaşyr ýurt hökmünde onuň ösdürilmegine hem-de Owganystanyň Ýewraziýa ulag we logistika ulgamyna goşulmagyna möhüm goşant goşdy. Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy we Serhetabat-Turgundi şahasynyň döwrebaplaşdyrylmagy Owganystanyň Türkmenistanyň ulag ulgamyna goşulmak we owgan önümleriniň halkara bazarlaryna çykarylmak mümkinçiligini ýokarlandyrdy.

Ogulgözel Rejepowa

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 14.05.2021 senesinde çap edildi.

 

2022