ÝTÖB bilen türkmen resmileri kiçi telekeçilik taslamalarynyň maliýeleşdirilmegini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB bilen türkmen resmileri kiçi telekeçilik taslamalarynyň maliýeleşdirilmegini maslahatlaşdy
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda hyzmatdaşlyk ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynda has-da güýçlenendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda duşenbe güni Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen ýurdumyzyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistanda kiçi telekeçilik, şol sanda türkmen telekeçiligi üçin täze ugurlarda taslamalaryň maliýeleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar.

“ORIENT” internet neşiriniň habar bermegine görä, gepleşige türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ministrligiň degişli bölümleriniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem, taraplar ÝTÖB-niň Türkmenistanda amala aşyrylýan munisipal taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçilikleri we Türkmenistanda maliýe bazarlaryny ösdürmek babatynda bankyň berip biljek ýardamlary baradaky meselelerini ara alyp maslatlaşdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda hyzmatdaşlyk ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynda has-da güýçlenendigi bellenildi. Bank Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalarynyň dürli ugurlar boýunça birnäçe taslamalaryny maliýeleşdirdi.

Fatih Türkmenoglu bankyň maliýe we maslahat beriş hyzmatlary arkaly işewürligi ösdürmek hem-de durnukly we açyk bazar ykdysadyýetini gurmak üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

ÝTÖB-iň Türkmenistandaky esasy ileri tutýan strategiki ugurlarynyň biri ýurdumyzyň hususy pudagyny goldamakdan ybaratdyr. ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 292 million ýewra barabar bolan 80 taslama maýa goýumyny goýdy.

2022