Türkmenistan "Hazar 2021" atly halkara forumyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan "Hazar 2021" atly halkara forumyna gatnaşar
Astrahan porty, Russiýa

Türkmenistanyň wekilleri 26-28-nji maý aralygynda Astrahanda (Russiýa) adaty tertipde we onlaýn görnüşinde geçiriljek “Hazar 2021: Durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy foruma gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu foruma ylmy we işewür toparlaryň, şeýle hem Hazaryň bäş ýurdunyň wekilleri gatnaşarlar.

Foruma türkmen tarapyndan “Türkmen Milli Logistik” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory, “Demirgazyk-Günorta” halkara transport koridoryny ösdürmek boýunça halkara iş toparynyň agzasy Begenç Mämmedow we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa gatnaşarlar.

Çäräniň esasy maksatlarynyň biri senagat we tehnologiýa boýunça ösüş edaralarynyň, işewürlik düzüminiň, senagat kärhanalarynyň, täze biznes başlangyçlaryň, maýadarlaryň we hökümet edaralarynyň wekilleri üçin açyk aragatnaşyk platformasyny döretmekden ybaratdyr.

Forumyň çäginde tegelek stollar, tanyşdyryş çykyşlary, derwaýys meseleler boýunça leksiýalar, panel çekişmeleri, konferensiýalar ýaly çäreleriň 20-den gowragy geçiriler.

Forumyň netijeleri, 2021-nji ýylyň awgust aýynda Moskwada geçiriljek “II Hazar ykdysady forumynyň” gün tertibiniň esasyny düzer.

2022