Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyň hasabyna onuň ornunyň giňeldilmegi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.
Ýurtda hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet desgalaryny we kärhanalaryny tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň döredilmegine we hyzmatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn we ulgamlaýyn wezipeler durmuşa geçirilýär.
Milli önüm öndürijilere berilýän goldawyň netijesinde halkyň isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli önümleriň we hyzmatlarynyň sany yzygiderli artdyrylýar. Bu hem öz gezeginde ilatyň girdejilerini we durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, import edilýän harytlaryň ornuny ýerli önümler bilen çalyşmaga we eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini köpeltmäge oňaýly täsirini ýetirýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşi daşary söwda gatnaşyklary bilen berk baglanyşyklydyr. İslendik ýurduň dünýä hojalygyndaky orny onuň daşary söwdasynyň möçberi bilen kesgitlenilýär. Şeýle bolansoň, haýsy döwletiň daşary söwdasynyň möçberi uly bolsa, şonça-da ol dünýä hojalygynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içerki bähbitlerini, ykdysadyýetimiziň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagyny göz öňünde tutmak bilen, importyň düzümini kämilleşdirmeklige we eksporta gönükdirilen önümçilikleri höweslendirmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» hereket edýär.
Eksportyň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde 33 sany taslama bolup, ýeňil, azyk, derman senagaty, ulag we aragatnaşyk, maşyn gurluşygy, oba hojalygy pudaklarynyň önümçilik kärhanalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Importyň düzümini kämilleşdirmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde bolsa 81 sany taslama göz öňünde tutulyp, olarda ýerli çig-mal serişdelerine esaslanýan gurluşyk materiallary, himiýa, durmuş himiýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, balyk we balyk önümlerini, gök-bakja we miweli bag önümlerini öndürmek we saklamak üçin niýetlenen önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Häzirki wagtda bu maksatnamalaryň onlarçasynyň gurluşyklary alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçilik ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär, innowasion tehnologiýalar we döwrebap bazar usullary giňden ornaşdyrylýar, milli ykdysadyýetimiz senagatlaşdyrylýar, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümler giňden öndürilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda açylyp ulanylmaga berlen täze, döwrebap ýyladyşhana toplumlary hem aýdyň subut edýär.
Ýurdumyzda alnyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda bu maksatlar üçin sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.
Merdan Jumaýew
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty