“Mähriban obam” 7 müň tonnadan gowrak pomidory eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mähriban obam” 7 müň tonnadan gowrak pomidory eksport etdi
Ýyladyşhana toplumynda ekologiki taýdan arassa, ýokary hilli pomidorlar ýetişdirilip, içerki we daşary ýurt bazarlaryna iberilýär.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap daýhan birleşiginiň çägindäki “Mähriban obam” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyndan şu ýylyň dowamynda 7 müň 298 tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen pomidorlary Mary welaýat gümrükhanasynyň “Mary” gümrük nokadyndan Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Azerbaýjana eksport edildi. 

Kärhanada Altes, Çerry, Gülgüne pomidorlary öndürilýär. Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap, işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.

Kärhana 2012-nji ýylda Bazargeldi Ataýew tarapyndan esaslandyrylyp, onuň ýyladyşhanasynyň meýdany 8 gektary eýeleýär. Ýyladyşhana toplumynda ekologiki taýdan arassa, ýokary hilli pomidorlar ýetişdirilip, içerki we daşary ýurt bazarlaryna iberilýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Mary welaýatynda ýerleşýän “Halal Dogan” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Wena şäherindäki hemişelik wekilhanasynyň ýardam bermegi bilen Wena şäherine türkmen pomidorlaryny eksport edipdi.