“Biznes Türkmenistan” internet neşiri 1-nji iýunda 2 ýaşyny belleýär.
Dünýädäki saýtlaryň iň ygtybarly reýtingini düzýän “Alexa Internet Traffic” saýtynyň 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky görkezijilerine görä, işe girizilmeginden 2 ýyl soňra, “Biznes Türkmenistan” internet neşiri (BUSINESS.COM.TM) Türkmenistanda iň köp okalýan türkmen saýtlarynyň arasynda birinji, iň köp girilýän saýtlaryň arasynda bolsa ikinji web sahypa bolmagy başardy. Bu sanaw taýýarlananda soňky üç aýyň dowamynda web sahypa giren gündelik ulanyjylaryň sanlary bilen okalan sahypalaryň sanlarynyň utgaşmasy hasaplanylýar. Alexa”-nyň maglumatlaryna görä ýurdumyzda iň köp ulanylýan saýtlaryň arasynda “Google” birinji orny eýeleýär.
Aşgabatda ýerleşýän “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiriniň habarlary okyjylara ilkibaşda türkmen, iňlis we rus dillerinde ýetirilip başlandy. Oňa 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, türk dili hem girizildi. Internet neşiriniň mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda elýeterlidir.
“Biznes Türkmenistan” ýurtdaky we dünýäniň dürli künjegindäki biznes maglumatlary, habarlary we seljermeleri yzygiderli okyjylara ýetirip, ýerli we halkara biznesleri hem-de sarp edijileri dürli ugurlardaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.
Şeýle hem, BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkalaryny, Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri ulanyjylara ýetirip durýar.
Döwlet edaralarynyň we halkara guramalarynyň resmi web sahypalary köplenç BT neşirine salgylanýarlar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň web sahypasy hem bu neşirde çap edilen habarlara yzygiderli salgylanýar. ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Halkara söwda administrasiýasy Türkmenistan boýunça täjirçilik iş gollanmasynda “Biznes Türkmenistan” web sahypasyny täzelikleriň we maglumatlaryň çeşmesi hökmünde görkezýär. Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi BT neşirinde çap edilýän halkara tenderlere yzygiderli salgylanýar.
Ýerli habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, “The New York Times” gazeti, “Anadolu” we “Trend” agentlikleri ýaly daşary ýurt habar beriş serişdeleri hem “Biznes Türkmenistan” tarapyndan neşir edilen maglumatlara salgylanýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde esaslandyrylan “Biznes Türkmenistan” internet neşiri öz-özüni maliýeleşdirýän, şol sanda mahabatlardan we mahabat makalalaryndan alnan girdejileriň hasabyna iş alyp barýan kompaniýadyr. Kompaniýanyň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.