Türkmenistanyň Mejlisi YHG-nyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Mejlisi YHG-nyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy
Maslahata gatnaşyjylar YHG ýurtlarynda söwdany höweslendirmekde we syýahatçylygy ilerletmekde parlamentleriň orny ýaly meselelere seretdiler. (Surat: “azertag.az”)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Parlament assambleýasynyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat adaty we onlaýn görnüşde Pakistanyň Yslamabat şäherinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Sebitde goşulyşmak üçin parlament hyzmatdaşlygyna goldaw bermek” YHG-nyň ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdiren iki günlük forumyň esasy mowzugy boldy.

Baş maslahata gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy döwründe durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meselelerini, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar sebit gün tertibini ilerletmekde zenanlaryň orny, COVID-19 pandemiýasynyň durnukly ösüşe täsiri, YHG ýurtlarynda söwdany höweslendirmekde we syýahatçylygy ilerletmekde parlamentleriň orny ýaly meselelere seretdiler.

Çykyşlarda dürli ugurlar boýunça sebit gatnaşyklaryny goldamak meselelerine deglip geçildi.

2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistan YHG-na başlyklyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen XIV Sammitiniň dowamynda ulag geçelgelerini we logistik merkezleri döretmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutanymyz Gündogar-Günbatar ugry boýunça, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden kontinentiň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns berilmegine çagyrdy.

2022