Türkmenistanda galla ýygymyna badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda galla ýygymyna badalga berildi
2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminde galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işe girizildi.

Ýurdumyzda anna güni galla oragyna badalga berildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar.

Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bereketli”, “Ýolöten-1», “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Goşant”, “Miras”, “Rowaç”, “Hasylly” hem-de “Watan” ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işe girizildi. Kombaýnlar gije-gündiziň dowamynda iş alyp bararlar.

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi.