Türkmenistanda “Firma atlary hakynda” Kanun güýje girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Firma atlary hakynda” Kanun güýje girizildi
Firma ady haryt nyşanynyň (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanynyň) belgisiniň düzüm bölegi hökmünde hem ulanylyp bilner.

Türkmenistanyň “Firma atlary hakynda” täze Kanuny, Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahslaryna firma atlary berlende bildirilýän talaplary belleýär, olaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bu kanun çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen gününden güýje girizildi.

Firma ady — telekeçi ýuridik şahsyň işi amala aşyrylanda, ol ýuridik şahsy beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän belgisi.

Firma adyna bolan hukugyň eýesiniň oňa degişli firma adyny ulanmaga hukugy bardyr. Firma adyny ulanmak diýlip, firma adynyň aşakdakylarda görkezilmegine düşünilýär:

  • harydy saklamak, ony satmak üçin hödürlemek, ony satmak, şol sanda ony daşary ýurda satmak maksady bilen, islendik harydyň gabynda ýa-da haryt baradaky maglumatlarda, etiketkalarda, at ýazgylarynda ýa-da beýleki islendik maglumat çeşmelerinde;
  • islendik hyzmat teklip edilen we ýerine ýetirilen mahalynda;
  • iş resminamalarynda ýa-da mahabatda;
  • Internet torunda salgy hökmünde.

Firma ady haryt nyşanynyň (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanynyň) belgisiniň düzüm bölegi hökmünde hem ulanylyp bilner ýa-da görkezilen belgiler bilen doly gabat gelip, ýa-da şol bir eýelik edijä degişli bolan, bellige alnan bir ýa-da birnäçe belginiň bölegi bolup biler.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, firma adyna bolan hukugyň eýesiniň oňa degişli firma adynyň, şeýle hem firma ady bilen meňzeş ýa-da çalymdaş belgileriň, eger şeýle belgileriň ulanylmagy firma adyna bolan hukugyň eýesi babatda ýalňyşylmagyna getirip biljek bolsa, onuň razyçylygy bolmazdan, islendik görnüşde ulanylmagyny beýleki şahslara gadagan etmäge aýratyn hukugy bardyr.

Firma ady firma adyny almakda gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berilýär. Firma adyny almak üçin haýyşnama (mundan beýläk — haýyşnama) ygtyýarlyklary ynanç haty bilen tassyklanylýan wekiliň üsti bilen berlip bilner. Haýyşnama we haýyşnama goşulýan resminamalar döwlet dilinde berilýär.

Firma adynyň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelen halatynda, ygtyýarly edara firma adyny bermek barada çözgüt kabul edýär we ony haýyşnamaça iberýär. 

Çeşme: Türkmenistanyň “Firma atlary hakynda” Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022