Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 86,7% artyk miwe we gök önümlerini öndürdiler.
Bu önümler hususylaşdyrylan daýhan birleşikleriniň çäginde ösdürilip ýetişdirildi. Önümçiligiň artmagynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň we suwdan netijeli peýdalanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda anna güni habar berildi.
TSTB-niň agzalary 2021-nji ýylyň ýazky hasylyndan 150 müň tonnadan gowrak dürli oba hojalyk önümlerini, ýagny 59 müň 566 tonna ýer alma, pomidor, hyýar, sogan, bulgar burç, kelem, käşir, şugundyr ýaly gök önümlerini, 44 müň 593 tonna miwe we üzüm ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Mundan başga-da, ýazky hasyldan dary we mäşiň 891,5 tonnasyny, mekgejöwen, soýa we arpa ýaly kösükli we däneli ekinleriň 63 müň 867 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Bu resminama oba hojalygynyň öndürijilerine häzirki zaman enjamlaryny, ýokary hilli ekiş materiallaryny we ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanalary gurmak üçin maliýe kömegini bermegi öz içine alýar.